|
|
|
Türkmenistan Hakda
Türkmenistan Söwet Soýuzuynyň synmagynyň yzysüre dörän Merkezi Aziýa döwletleriniň biri bolup, öz ýigrimi ýyl öň gazanan Garaşsyzlygyndan soň görlüp-eşidilmedik özgerişleri başdan geçirdi. Täze przident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda ýurt baştutanlygyna geçmegi bilen, Türkmenistanyň ykdysady ösüş depgini has hem çaltlandy. Hakykatdanam, Türkmenistan XXI asyryň birinji onýyllygynda jemi içerki önümi (GDP) boýunça ösýän döwletleriň arasynda 3-nji ornuny eýeleýär. Türkmen milleti özüne garaşsyz halk hökmünde buýsanýar. Türkmenistana edilen şu günki gezelenç özleriniň däp-dessurlaryny berk berjaý edýän, baýramalryny gutlaýan, öz medeniýetlerine bagly bolup, dünýä jemgyýetine birleşmegiň Türkmen nusgasyny görkezýän halky synlamaga mümkinçilik döreder. Türkmenistanda bellenýän milli baýramlaryň sanawy Türkmen halkynyň aýratyn buýsanç çeşmeleriniň: olaryň nepis halylarynyň, bagşylarynyň, şahyrlarynyň we olaryň şygryýetiniň, ajaýyp bedewleriniň we beýleki gymmatlyklarynyň üstüni açarys. Türkmenistanyň ykdysady ösüşi döwletiň gaz ýataklaryndan gelýän girdejilere daýanýar. Häzirki wagtda geçirilýän geologik açyşlar ýurduň onýyllyklara ýetjek tebigy gaza we baýlyklara eýedigini görkezýär. Ýurduň paýtagty – “aşyklaryň şaheri” diýmegi aňladýan Aşgabat şäheri soňky ýigrimi ýyllykda amala aşyrylan gurluşyklar saýasynda ep-esli üýtgedi. Onuň “ak mermerli şäher” diýen lakamyny inkär etmek mümkin däl. Türkmenistanyň ilaty diňe türkmenlerden däl, eýsem özbekleri, gazaklary, ermenileri, azerbaýjanlylary, täjikleri we orslary öz içine alýar. Ýurduň ilatynyň aglabasy Yslam dinine uýýar, muňa garamazdan olar öz Arabystanyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň halklaryndan başgaça ybadat edýärler. Türkmenler taryhda çarwa halk bolupdyr. Türkmenistan häzirki wagtda gadymy Ýüpek Ýolynyň we ondan-da gadymy medeniýet ojaklarynyň üstünde ýerleşýär. Gündogarynda Merwiň, demirgazygynda Köneürgenjiň Merkezi Aziýada Ýewropanyň orta asyrda başda geçiren altyn asyrynyň bolandygynyň diňe iki mysaly. Türkmen halky şol halkara arabaglanyşygy gaýtadan döretmäge çalyşýar. Türkmenistanyň Ýaşlar We Jemgyýetçilik Gymmatlygy Guramasy üpjün edýän maglumatlarymyz we maksatnamalarymyz üçin milli şahsyýetiň, ykdysady mümkinçiligiň we umumydünýä arabaglanyşygyň berk jebisleşmeginiň zerurdygyny anyklady. Türkmen halky Günbatara giň gujak açyp, Günbatar döwletleriniň halklaryny we medeniýetini öwrenmäge çalyşýar. Türkmenleriň arasynda myhmana hormat goýmak däbi bar. “Myhman ataňdan uly” diýen meşhur nakyl muňa şaýatlyk edýär. Beýleki tarapdan bolsa, Günbatardan gelýan ylmy-bilimi ulanmaga we peýdalanmaga hakyky böwetlerem bar, has hem Türkmen ýaşlarda. Halkara maglumat çeşmeleri Türkmenistanda elýeterli däl. Türkmenistanyň Ýaşlar We Jemgyýetçilik Gymmatlygy Guramasynyň Türkmen halkynyň we dünýäniň beýleki halklarynyň hyzmatdaşlygy bolup durýandygy sebäpli, medeni taýdan hormat goýulýan we netijeli ösüş barada garaýyşlary hödürleýäris. Biziň gazanýan üstünliklerimiz Türkmen adamlaryň ajaýyp dünýä üçin biziň bilen işleşmekden duýýan buýsanjyna esaslanýar. Türkmenistan barada makalalary okap, has köp maglumat alyň. |
|