|
Maksatlarymyz
Bilelikde Gapylary we Zehinleri Açýarys
- Ýetişip barýan Ýolbaşçylaryn Konferensiýasy . Türkmenistandaky orta mekdepleriň saýlama okuwçylarynyň ýolbaşçylyk ukyplaryny açyp görkezmäge we olary bu babatda ukyplaryny kämilleşdirmäge niýetlenendir.
- Türkmen Talimberiji Maksatnamasy saýlanan talyplaryna tälimçileri, olaryň ýokary bilimi üçin gerek bolan dürli endikler bilen üpjün edýär
- Ýokary Bilim Gollanma. Guramamyz her ýyl ABŞ-da bilim almak isleýän daşary ýurtly talyplar üçin Amerikadaky ýokary okuw jaýlar barada okuw gollanmasyny neşir edýär.
- Honor Spingarn / Rev. Dr. Martin Luther
King, Jr. Talyp Haky, adatdan daşary ýolbaşçylyk ukyby bilen tapawutlanan ýaş talyplara dört-ýyllyk talyp haky.
- Guramanyň Okuw Meýilnamasy, Honor Spingarn/Dr. Martin Luther King Jr talyplarymyz üçin talap edilýän okaýyş sapaklary, şeýle-de mugallymlar üçin ders we Türkmenistan hakynda meýilnamalaryny we beýleki dokumentleri paýlaşmagy üçin platforma
- Jemgyýetçilik Ösüş Maksatnamasy, pikir alyşmaga gönükdirilen we Türkmen talyplar tarapyndan goňşulary bilen amala aşyrylýan taslamalar üçin maksatnama.
- Garagum Alymlaryň Tegelek Stoly,Türkmen Ýokary Okuw Jaý talyplaryň jemgyýetde öz taglymatlaryny we bilimlerini nähili amal etmelidigi barada çekeleşikli jedellerden ybarat ýyllyk ýygnak.
- Iş we Syýahat Karz Maksatnamasy
- Türkmen Maslahat Beriji Geňeş
TÝJGG orta okuwy tamamlan uçurymlar, ýokary okuw jaý talyplary we okuwyny ýaňy tamamlanlar üçin ýolbaşçylyk mümkinçiliklerini, ýokary okuw bilimi we ýolbaşçylyk ukybyny gazanmagy üçin dokuz sany ajaýyp maksatnamany hödürleýär.
Biz gurama Türkmenistandaky okuwçylary diňe ýokary hilli maksatnamalar bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, olara TÝJGG’da ýolbaşçylyk etmek mümkinçiliklerini berýäris. Maksatnamalarymyzyň aglabasy ukyply Türkmen talyplar tarapyndan dolandyrylýar. |